Habarlaşmak
19.04.2025
Türkmenistanyň nebitçileriň täze üstünlikleri
11.04.2025
tuerkmenistanyn-nebitcilerin-taeze-uestuenlikleri

Şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň önümçilik we eksport kuwwatlyklaryny güýçlendirmäge gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bu ugurda esasy şertleriň biri – pudagyň önümçilik düzümlerindäki mümkinçilikleri ýüze çykaryp, netijeli peýdalanmakdyr. «Türkmennebit» Döwlet konserniniň “Goturdepe” nebitgaz çykaryş müdirliginiň känindäki işleri bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini tassyklaýar.

Soňky ýyllarda tehniki we ykdysady üpjünçilik taýdan yzygiderli döwrebaplaşdyrylýan bu müdirlik, nebit, gaz, uglewodorodlaryň çykarylyşy, gözleg we ulanyş guýularynyň burawlanylyşy, uglewodorod çig mallarynyň geçirijiler arkaly iberilişi, känleriň, gaz kompressor beketleriniň, dolandyryjy desgalaryň gurluşygy we täzelenmegi, guýularyň düýpli we ýerasty bejerilişi, şeýle hem önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy bilen meşgullanýan kärhanalaryň arasynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär.

Bütindünýä parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilen ýylyň ilkinji iki aýynda müdirligiň hünärmenleri hereket edýän guýulardan «gara altynyň» çykarylyş meýilnamasyny 106 göterim ýerine ýetirdiler. Bu görkeziji konserniň şol döwürdeki umumy uglewodorod önümçiliginiň diýen ýaly üçden birini düzýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9 740 tonna köp nebit öndürildi, bu bolsa önümçiligiň ösüş depgininiň ep-esli ýokarlanandygyny görkezýär. Tebigy gaz çykarylyşy boýunça meýilnama 135 göterim ýerine ýetirildi.

Indiki ýylda özleşdirilişiniň 70 ýyllygyny bellejek bu känler Merkezi Aziýanyň iň uly nebitgaz ätiýaçlyklarynyň biri hasaplanýar. « Goturdepe» buraw işleri müdirligi öz işine başlany bäri ýurdumyzyň nebit önümçiliginde yzygiderli öňdebaryjy orny eýeleýär. Diňe soňky bir ýarym asyryň dowamynda Türkmenistanyň çäklerinde çykarylan nebitiň takmynan ýarysy şu känlerden alyndy.

Häzirki döwürde bu baý ýerlere degişli şöhratly taryhy täzeden dikeltmek we täze belentliklere ýetmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. «Türkmennebit» Döwlet konserniniň bu kände işleýän kärhanalarynda dünýä derejesindäki döwrebap tehnologiýalar, desgalar we enjamlar ornaşdyrylýar, bu bolsa «gara altynyň» çykarylyşynyň yzygiderli artmagyna ýardam edýär. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamagy maksat edinýän Goturdepe käniniň nebitçileri häzirki wagtda has-da ruhubelentlik bilen zähmet çekýärler. Olaryň her biri milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmak we Watanymyzyň Garaşsyzlygyny berkitmek üçin döredilen mümkinçilikler üçin Döwlet baştutanymyza çäksiz minnetdarlyk bildirýär.

Şeýle hem