Ýazyjy Muhammetnur Gurbangylyjowyň «Salgym göçýär» atly kitaby täze gaz ýatagynyň açylyş pursadyndaky şatlykly wakadan başlanýar. «Türkmenistan» neşirýatynda 1986-njy ýylda çap bolan bu romanda geologlaryň, nebitçi-gazçylaryň kyn şertlerdäki gözleg-agtaryşlary, durmuşy meseleler ynandyryjy wakalar esasynda açylyp görkezilýär. Eseriň ýeňil okalýanlygy, çeperçilik bilen beýan edilişi, gahrymanlarynyň gepleşik diliniň ynandyryjylygy ýazyjynyň döredijiligini içgin öwrenmäge gyzyklanma döretdi.
«Gijäniň bir mahaly telefon jaňynyň üsti bilen:
— Ýyldyzlyda uly gaz çüwdürimi açylypdyr. Haçan bizi toýa çagyrarsyň?
— Ýyldyzly... gaz beripdir, Jemal eje!
— Şol Aman janyň burawymy?» diýip, hoş habaryň buşlanmagyndaky pursatdan gözbaş alýan eserdäki gürrüňler okyja diýseň täsir edýär. Eseriň baş gahrymany Aman Aýmanow Jemal ejäniň ýalňyz ogly. Amanyň orta mekdebi tamamlap: «Şu ýyl bir ulag süreýin, bir kär saýlaýyn. Geologlaryň işem-ä gyzykly. Gara ýeriň syryny açýarlar. Mundan milliardlarça ýyllar ozal dörän ýer gatlaklaryna aralaşýarlar» diýip, geolog hünärini saýlaýşy, onuň yhlasly zähmeti bilen tutuş il-gününi, obadaşlaryny begendirişi hakyndaky gyzykly gürrüňleriň çeper suratlandyrylyp beýan edilişi täze gaz ýataklaryndan gaz çykandaky şatlykly pursatlary göz öňüňde janlandyrýar.
Şeýle sada, halky dilde ýazylan bu eseri okap oturyşyma ýazyjynyň özi geologdyr öýtdüm. Birdenem halypa kompozitor Meret Annamyradowyň: «Muhammetnur Gurbangylyjowyň «Altyn owlak» atly eserini okadym. Ýazyjynyň eserlerinde tebigat gözelliklerini wasp edişi diýseň güýçli. Eseri okap otyrkaň, meýdandaky gül-gülälekleriň ysy burnuňa gelip dur» diýen sözleri hakydamda aýlandy. Onsoň ýakynda ýazyjynyň gyzy, halypa mugallym, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor Jeren Gurbangylyjowa bilen söhbetdeş bolduk.
«Kakam Muhammetnur Gurbangylyjow 1932-nji ýylyň 10-njy maýynda Mary welaýatynda doglan. 1954-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky Döwlet teatr sungaty institutynda artistlik hünärinden okuwyny tamamlady. Ejem Sofiýa Gurbangylyjowa, Setdar Garajaýew, Oraz Hajymyradow, Öwülýaguly Kulyýew, Hurma Hajymyradowa, Bibi Çiretanowa we başga-da kän meşhur artistler bilen bile okapdyr. Soňra 1962-nji ýylda kakam ýene-de Moskwada Bütinsoýuz döwlet kinematografiýa institutynda režissýorlyk hünärini ele aldy. Kakamyň döredijiliginde nebitçileriň, gazçylaryň durmuşyndan ýazylan eserler aýratyn orun tutýar. «Şatlygyň şapagy», «Burawçylar» we başga-da birnäçe pýesalardyr oçerkler ýazdy. Kakam, köplenç, geologlaryň arasynda boldy. «Geologlaryň iş pursatlaryny öwrenmek diýseň gyzykly» diýerdi. Nebitçileriň, gazçylaryň bir agzasy ýalydy. Olaryň köpüsi öýümiziň myhmanydy. Şonuň üçin gazçylaryň durmuşyndan ýazan oçerkleri has kän. «Burawçylar» hem-de «Şatlygyň şapagy» atly iki pýesasynyň sahnalaşdyrylandygy anyk ýadymda.
Kakam, esasan, dramaturgiýa kän ýykgyn etdi. Ýazyjy Şaly Kekilowa bagyşlap ýazan «Gaýda dörän aýdym», «Çalaran başlar» pýesalary ýurdumyzyň häzirki baş drama teatrynda, «Mukaddes söýgi» pýesasy öňki Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda, Gökdepe söweşi döwrüniň wakalaryndan gürrüň berýän «Teşnelik» hem-de «Ýetim» atly pýesalary Mary welaýat teatrynda, «Halas et, eje jan», «Sen kim?» atly pýesalary Lebap welaýat teatrynda sahnalaşdyryldy. Kakam «Aşyr aganyň mekirligi» filminde Saparyň, ussat kinorežissýor Alty Garlyýewiň «Magtymguly» filminde Şyhymharpygyň keşbinde surata düşdi. Bu filmler häzirki günlerde-de teleýaýlym arkaly tomaşaçylara ýetirilýär.
Kakamyň hossarlary Tejende ýaşaýarlar. Şol sebäpli kakam Tejene köp giderdi. Hemişe hossarlary, oba adamlary bilen gürrüňdeş bolup, türkmen diliniň gadymy sözlerini, halk döredijiligini, milli däp-dessurlarymyzy irginsiz öwrenerdi. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri Magtymgulynyň, Keminäniň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň we başga-da döwürdeş kärdeşleriniň, daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini köp okardy. Men maşgalamyzyň ýeke perzendi. Ejem Sofiýa Gurbangylyjowa ömrüni medeniýet ulgamyna bagyşlady. Kakamyň dogany Myrat Gurbangylyjow kinostudiýada kän ýyl kinooperator bolup işledi» diýip, ol gürrüň berdi. Olaryň hemmesem medeniýet ulgamyna hyzmat edipdir. Ýöne döredijiliginde gazçylaryň durmuşyndan ýazan eserleriniň känligi üçinmi ýa-da bu ugurdan ýazan eserleriniň täsirimi, ol belli däl, Muhammetnur agany gazçylaryň durmuşyndan aýry göz öňüme getirip bilmedim.
Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».
Çeşme: Tükrmenmetbugat