Garaşsyzlyk pederlerimiziň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmasydyr. 34 ýyl mundan öň demokratik, hukuk, dünýewi Türkmenistan döwletiniň berk binýady tutuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň maddy, ruhy gymmatlyklary, ynsanperwer däpleri doly dikeldildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty uly mana eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi ilatymyzyň parahat, asuda we abadan ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri häsiýetlendirýär. Häzirki wagtda adam hukuklaryny goramakda, ykdysadyýet de, medeniýetde, ekologiýa howpsuzlygynda, sanly ulgamda uly ösüşler gazanyldy. Döwrüň ruhuna laýyk gelýän täzeçillige ýugrulan taslamalar işlenip düzüldi we netijeli durmuşa geçirilýär.
Ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri bolsa halkymyzyň durmuşynyň has-da rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Watanymyz öz daşary syýasatynda halkara hyzmatdaşlygyna uly üns berýär. Ýer ýüzündäki döwletleriň köpüsi bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Ýurdumyz dünýäde parahatçylygy dörediji, halkara dialogy wagyz ediji döwlet hökmünde giňden tanaldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we senagatlaşdyrmak, eksporty giňeldip, importy azaltmak ugrunda uly işler ýerine ýetirildi. Döwletimizi ösdürmekde strategik ugurlar hasaplanýan ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy, maglumat-aragatnaşyk, ulag-logistika, ylym-bilim pudaklary döwrebaplaşdyryldy. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde şeýle uly möçberli işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň okgunly öňe ösmegini üpjün etdi.
Jeren HALBAÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti