Hazar deňzi — dostluk we parahatçylyk deňzi. Gojaman Hazar — Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi. Onuň üsti bilen dünýä ýol açylýar. Hazar deňzi bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köp dürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ýurdumyzyň döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň binýadynda Hazar ýaka sebitiniň täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňziň düýbünde ýerleşýän mineral, uglewodorod serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar.
Ýurdumyz häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek ugrunda sebitde deň hukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk, Hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär.
Mekan AMANOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Çeşme: “Nebit-gaz” gazeti