«Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit çykarmak boýunça döwlet meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi üçin «Nebitgazylmytaslama» instituty örän ähmiýetli ylmybarlag merkezi bolup durýar. Institutyň birnäçe laboratoriýasy bolup, olarda nebit känlerini gözlemek, tapmak we täze guýularyň taslama işlerini taýýarlamak, guýy gazylýan mahalynda gözegçilik etmek, nebitgaz guýularynyň saz işlemeklerini gazanmak, ylmy hasabatlary ýöretmek ýaly derwaýys işler alnyp barylýar.
aýry känleriň önüm berijiligini durnukly ýagdaýda saklamak üçin «Nebitgazylmytaslama» institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary bilen ýakyn gatnaşyk saklaýarlar. Bu hazynaly ýerlerden «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, guýularda gapdal sütünleri gazmak işi Goturdepe we Barsagelmez känlerinde giň möçberde alnyp barylýar. Şeýle-de nebitiň çykarylyşyny durnukly ýagdaýda saklamak üçin onuň ulanylýan gatlagyny abatlamak, gatlaga termogazhimiki täsir etmek, guýularyň ulanyş sütünini parafinden arassalamak, çäge çekiji guýularda düýpýaka zolagy berkitmek hem-de çäge dykynlaryny ýuwmak işleri ýerine ýetirilýär. Suw ýygnanan guýularda gatlak suwuny çäklendirmek maksady bilen, «Nebitgazylmytaslama» institutynyň oýlap tapyşy esasynda taýýarlanan çökündi emele getiriji himiki düzüm peýdalanylyp, düýpli abatlaýyş işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol işleriň netijesinde guýularda gatlak suwlarynyň akymy çäklendirilip, nebitiň artyk çykarylmagy gazanylýar. Gazlift usulynda işledilýän guýularda bolsa bu institutyň oýlap tapyşy esasynda taýýarlanan KGU-25 gazlift klapanlary giňden ulanylýar. Olar bu usuldaky guýularyň bökdençsiz hem-de uzak wagtlap işlemegini üpjün edýär. Känlerde guýular çüwdürim, gazlift, ştangaly çuňluk sorujylar, nurbatly sorujylar, merkezden daşlaşýan elektrik sorujylar we ežektor sorujylar ýaly usullarda ulanylýar. «Nebitgazylmytaslama» institutynyň nebit we gaz ýataklaryny işläp geçmekligi seljerme laboratoriýasynyň müdiri Seýdek Kerwenow daşary ýurt kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlyk barada şeýle gürrüň berdi: «Türkmennebit» döwlet konserniniň känlerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň-da örän öndürijilikli işleýändiklerini bellemek gerek. Singapuryň «Ýug-Neftegaz» kompaniýasynyň tehnologiýalary esasynda gatlak suwlaryny çäklendirmek, guýynyň düýpýaka zolagyny kislota bilen işläp bejermek, gatlagy gidrawliki çäge akymy bilen perforirlemek, çäge dykymyny ýuwmak işleri amala aşyrylýar. Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti tarapyndan guýynyň düýpýaka zolagyny kislota bilen işläp bejermek, nebit çykarylýan guýulary ulanyşyň mehanizirlenen usulyna geçirmek bilen baglanyşykly abatlaýyş ileri alnyp barylýar, mehanizirlenen usula geçirilen guýular awtomatlaşdyrylyp, olaryň işleýşi awtomatik usulda gözegçilikde saklanýar. Goturdepe we Barsagelmez ýataklarynda iş alyp barýan Hytaýyň Nebithimiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmatlary kompaniýasy (SINOPEK) guýulary düýpli abatlamagy, şeýle hem guýularda gapdal sütünleri gazmagy amala aşyrýar». 2024-nji ýylda «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça umumy çykarylan nebitiň 63 göteriminiň baýry ýataklaryň paýyna düşendigini bellemek gerek. Şu ýylda-da bu ugurda işler depginli alnyp barylýar.
Amanmyrat KIÇIGULOW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti