Habarlaşmak
24.11.2024
Şahyr hem nebitçi ― Watan waspçysy!
09.07.2024
sahyr-hem-nebitci-watan-waspcysy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, ýakynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda «Arkadag hem Arkadagly Serdar bilen bagtyýar siz, Pyragynyň wasp eýläni, zenanlarmyz ― bagta ýar siz!» atly döredijilik bäsleşigi geçirilip, onuň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşikde «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buhgalteri, Türkmenbaşy şäher Halk maslahatynyň agzasy Şemşat Nefesowa birinji orna mynasyp bolup, beýleki bäsdeşlerinden has öňe saýlandy.

Döredijilik ― nebitçi gelniň ykbaly. Ol bu täsin dnüýäniň kenaryndan heniz orta mekdepde okaýarka girdi. Şemşat Türkmenbaşy şäherindäki Mugallymçylyk orta hünär mekdebinde okan ýyllarynda-da (1996 ― 1999-njy ýyllar), mekdebi tamamlap, dogduk şäherinde taryh mugallymy bolup işläp ýörkä hem galamyny elinden düşürenokdy. 2001-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine okuwa girmek bolsa gursagynda ylham gaýnaýan Şemşady has uly maksatlara atardy. Maşgala ýagdaýy sebäpli, okuwyny doly dowam etdirip bilmändigine garamazdan, oňa ylhamly dünýä aýratyn umyt berdi.

Köki berkän döredijilik zehinli zenanyň türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda işläp başlan ýyllarynda ilkinji güllerini açdy. Ol ylhamyny hem, ykbalyny hem gülleden toplumda häli-häzirem zähmet çekip gelýär. Ýeri gelende aýtsak, Şemşat bu toplumyň ýanyndaky Tehniki okuw merkeziniň hem uçurymydyr.

Şemşat döredijilik dünýäsindäki ýeten sepgitleri üçin bir döwürde toplumyň binýadynda çap edilen «Nebitçi» gazetiniň redaksiýasyna we onuň ýaş zehinleri ýürekden goldan baş redaktory Meňlitäç Derýagulyýewa mydama minnetdar. Ol hut şu gazetde yglan edilen bäsleşige gatnaşandan soň, döredijilik dünýäsinde täze sepgitlere ýetdi. «Nebitçiden» başlanan döredijilik dünýäsi az salymdan ýurdumyzyň merkezi neşirlerine çenli uzady. Dürli ýyllarda «Nesil», «Balkan» ýaly gazetler we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Demokratik partiýa, Zenanlar birleşigi tarapyndan yglan edilen döredijilik bäsleşiklerinde ýeňiji boldy.

Şemşat döredijilik dünýäsiniň ilkinji ädimlerindäki halypalaryny hemişe uly hormat bilen ýatlaýar. Onuň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Nazmuhammet Hojaberdiýdiýew ýaş şahyrda ilkinji höwesi oýarypdy. Halypa Şemşadyň «Mugallymyma», «Dpstum, hossarym ― kitabym» ýaly çaga ýüreginden syzylyp çykan ilkinji şygyrlaryny okap, halypa maslahatlaryny beripdi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew, şahyr Kakamyrat Rejebow ýaly döredijilik işgärleriniň beren maslahatlary hem Şemşadyň ylhamly dünýäsinden aýratyn orun eýeledi.

Şahyr gelin öz şygyrlary bilen diňe bir döwürleýin neşirlerde çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, TNGIZT-nyň medeni-sport toplumynyň «Dagdan» folklor topary bilen hem yzygiderli işleşip, toparyň aýdymçlary üçin döwrebap gazallary ýazyp berýär. Onuň döreden gazallarynyň birnäçesi Türkmenistanyň halk artisti Amanbibi Mämmedowa tarapyndan ýerine ýetirilýär. Şahyr zenan «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň çagalar tans topary üçin hem «Awaza gel, Awaza!», «Nebitçi ýigitler, nebitçi gyzlar», «Arkadag şäheri ― bagtyň şäheri» ýaly aýdymlary ýazdy. Onuň şygyrlary başga aýdymçylar tarapyndan joşgunly aýdymlara öwrüldi.

Şemşat Nefesowa geçen ýyldan bäri Türkmenistanyň Demokratik pariýasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-indäki ilkinji guramasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Şeýle hem ol Türkmenbaşy şäher halk maslahatynyň hem agzasydyr. Jemgyýetçilik işlerine hem işjeň gatnaşýan nebitçi zenan galkynyşly döwrümizde sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz duran beýik işleriň kalby joşgunly wapsçysydyr.

Şeýle hem