Habarlaşmak
26.12.2024
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Suwçularу sargytlara hötde gelýärler
18.11.2024
tuerkmennebit-doewlet-konserninin-suwcularu-sargytlara-hoetde-gelyaerler

«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak hem şu kärhananyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

Kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen dokuz aýynda pul hasabynda bitirilen işleriň 5 million 147 müň manatlyga barabar bolmagy-da suwçularyň öz öňlerinde goýlan belent wezipä abraý bilen hötde gelýändikleriniň subutnamasydyr. Kärhananyň hünärmenleri diňe bir ýerasty Ýasga kölüniň däl, eýsem, dürli ýataklardaky dik guýularyň, şeýle hem Hazar deňziniň suwlaryny hem önümçilik maksatly işlere ýeterlik mukdarda gönükdirmegiň hötdesinden gelýärler. Geçen hasabat döwründe müdirlik boýunça 2 million 366 müň kub metre barabar suw akdyrylyp, sarp edijileriň sargytlary doly kanagatlandyrylypdyr. Şonuň 1,4 million kub metre barabary arassa agyz suwy bolup, galany önümçilik we tehniki suwlardyr.

Gazanylýan üstünlikleriň öz-özünden gelmeýändigi düşnüklidir. Munuň üçin kärhananyň degişli bölümlerinde düýpli seljermeler geçirilip, bar bolan mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanyp, işler takyk ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatynyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmekligi gowulandyrmak barada kabul eden Kararyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda Ýasga suw käninde gurluşyk we düýpli abatlaýyş işleriniň uly toplumy durmuşa geçirilipdir. Müdirligiň garamagyndaky 49 sany topbakda täze guýularyň gazylmagy we olarda goşmaça bejeriş-dikeldiş işleriniň amala aşyrylmagy bitirilýän işleriň netijeliligini üpjün edipdir.

Ýeri gelende aýtsak, ýerasty Ýasga köli tebigatyň türkmen halkyna rowa gören ajaýyp gudratlarynyň biridir. Onlarça, hatda ýüzlerçe metr çuňlukda, ýer astyndaky ajy we süýji suwlaryň ýanaşyk ýerleşmeginiň gudrat kemi ýok. Ýeriň jümmüşinden alynýan ajy suwlar ýeriň üstündäki aýratyn köle akdyrylýar. Dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu ýerasty kölüň tebigy gurluşy barada käbir maglumatlary hem aýtmak ýerlikli bolar. Balkanabatdan 125 kilometre golaý gündogarda, Garagum sährasynyň goýnunda ýerleşýän ýerasty kölüň uzynlygy 60 kilometre, ini bolsa 25 kilometre deňdir. Bu täsin ýerasty kölüň suwy indi

70 ýyla golaý wagt bäri «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan netijeli ulanylýar. Ýasga ýatagyndaky biri-birinden bäş ýüz metr daşlykdaky 49 sany topbak guýularyň her biri süýji suwly, ajy suwly we gözegçi guýulardan ybaratdyr. Ýerasty köldäki süýji we ajy suwly guýularyň ortaça çuňluklary degişlilikde 90 metre hem-de 123 metre çenlidir. Ortaça çuňlugy 108 metre barabar bolan gözegçi guýy süýji we ajy suwlaryň gatyşmazlygyny üpjün edýär.

Haýran galdyryjy maglumatlar başga-da az däl. Gadymy Uzboýuň boşap galan çep kenar ýakasyndaky uzynlygy bäş kilometre ýetýän, nal görnüşli, aralary bent bilen serhetlenen ýerüsti köl hem süýji we ajy suwly köllere bölünýär. Uzynlygy bir müň metre, ini kyrkdan 150 metre barabar bolan ýerüsti süýji suwly kölüň çuňlugy 5,5 metre ýetýär. Bu köldäki süýji suwuň möçberi bolsa 220 müň kub metre golaýlaýar. Ýerüsti ajy suwly kölüň uzynlygy 1,5 kilometre, ortaça giňligi 100 metre, çuňlugy bolsa 2 metre deňdir. Bu kölleriň ikisi-de ýerasty suwlardan iýmitlenýärler.

Ýasga kölünden alynýan süýji suwlar welaýatyň Balkanabat, Gumdag şäherlerine, Uzboý şäherçesine, Goturdepe baýlyklar mesgenine, Hazaryň kenaryndaky deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumynyň arassalanan agyz suwy bolsa Ekerem şäherçesine hem-de gaýry ilatly nokatlara gije-gündiziň dowamynda turbageçirijiler bilen akdyrylýar. Hazar deňzinden alynýan önümçilik suwlary nebitgazly ýataklary senagat taýdan özleşdirmekde, önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalarydyr ymaratlary, ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda, «Garagyjak», «Balaýşem», «Jebel» ýaly bölümlerden alynýan tehniki suwlar bolsa ilatly nokatlaryň töwereklerini bagy-bossanlyga öwürmekde giňden peýdalanylýar.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti

Şeýle hem