Habarlaşmak
24.11.2024
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
10.07.2024
tuerkmenistan-onyn-baslangyclaryny-adamzadyn-baehbidine-isjen-ilerledyaer

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär. Adamzada uly peýda getirjek şol oňyn başlangyçlaryň hatarynda energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, energiýa serişdeleriniň iberilmegini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin innowasiýalary ornaşdyrmak we peýdalanmak ýaly başlangyçlar bar.     

2012-nji ýylda Howanyň üýtgemegi barada milli maksatnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýäniň howa bilen bagly meseleleriniň gün tertibine gatnaşmagy üçin möhüm ädim boldy. Türkmenistanyň Howa baradaky Pariž ylalaşygyna goşulmagy bu ugurda hereketleriň logiki dowamyna öwrüldi. Şonuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylda Howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy.   

Energetikanyň geljeginiň iri möçberli meseleleriň biri – howanyň üýtgemegi bilen gös-göni bagly bolan meselä ýurdumyz durnukly energetikany, arassa energetikany we energetika howpsuzlygyny ilerletmäge, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. Hut şu wezipeleriň çözülmegi häzirki wagtda adamzadyň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär hem-de howanyň gyzmagyny bökdemek, uglewodorodlar gazylyp alynanda metanyň hem-de kömürtuşy gazyň howa zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary işjeňleşdirýär. 

Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň  Dubaýda (BAE) geçirilen COP 28 atly global maslahatda Türkmenistanyň Metany azaltmak boýunça Global borçnamasyna goşulýandygy hakynda eden çykyşy aýratyn ähmiýete eýe bolýar.   

Türkmenistanyň Prezidenti forumda eden taryhy çykyşynda ýurdumyzyň Global metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmegi ugur edinýän taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalary we hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklary dowam etjekdigini belläp, birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürdi.  

Elbetde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine we energiýa netijeliligine esaslanan energetika rewolýusiýasy diňe ykdysady ösüşi çaltlandyrmak üçin zerur bolmak bilen çäklenmän, eýsem Ýer şaryny gyzdyrýan parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak meselesini çözmekde hem ähmiýetlidir. Bu nukdaýnazarlaryň hemmesi esasy elementler bolup, olary geljek nesiller üçin adalatly, durnukly we gülläp ösýän jemgyýeti gurmakda nazara almak gerek.  

Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyna aýratyn üns berilýär, onda ugurdaş nebitli gazyň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak hem-de ugradylanda tebigy gazyň ýitgisini azaltmak arkaly zyňyndylary aradan aýyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.     

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň goldaw bermeginde ýurdumyz Türkmenistanyň Howa baradaky Pariž ylalaşygy boýunça milli derejede kesgitlenilýän goşandyny (NDS) taýýarlady we 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminama 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň 2010-njy ýylyň derejesindäki mukdara çenli azaldylmagyny göz öňünde tutýar. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny nol derejä ýetirmegi, geljekde bolsa, olary ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär. Türkmen döwleti şeýle meselelere ylalaşykly çemeleşme  ugrunda çykyş edip, daşky gurşawy goramak boýunça anyk çäreleri görýär hem-de tutuş adamzat üçin wajyp bolan ugry ösdürmäge mynasyp goşandyny goşmaga ymtylýar.   

Metan zyňyndylaryny azaltmak meselesi Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň geçirýän halkara forumlarynyň maksatnamasyna hökmany suratda goşulýar. Fransiýanyň paýtagty Parižde üstünlikli geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýagoýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup, onda uglewodorod ýataklary işlenip taýýarlanylanda metanyň we ugurdaş gazyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tema esasy meseleleriň biri boldy.   

Mälim bolşy ýaly, foruma gatnaşyjylar häzirki döwrüň ýiti meseleleriniň birini – howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we ýaşyl ykdysadyýete geçmekde tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy barada bir pikire geldiler.      

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň halkara guramalary bilen daşky gurşawy goramaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak meselesi paýtagtymyzda iki gün dowam eden «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy­amaly maslahatyň (TESÇ 2024) gün tertibinde hem öz beýanyny tapdy. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralyp, 5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda geçirildi.  

Forumyň işine dünýäniň 33 ýurdundan wekilleriň 270-si gatnaşyp, olaryň arasynda «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «Baker Hughes», «Mitro International», «ADNOC», «CNPC», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «Lukoýl» ýaly meşhur kompaniýalaryň hünärmenleriniň bolmagy daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň daşky gurşawy goramak meselesinde biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň artýandygyny aýdyň görkezdi. Şeýle forumlaryň ýokary derejede guralmagy Türkmenistanyň bu möhüm meselä işjeň we jogapkärli garaýandygyny tassyklaýar.    

Daşky gurşawy goramak bilen bagly meselede Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň (TOPH) gurluşygy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýar hem-de häzir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär.     

Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek hakynda rezolýusiýasyny ýerine ýetirmegiň mysaly bolar, şeýle hem ýurtlaryň durnukly ösüşini üpjün eder.    

Mälim bolşy ýaly, parnik gazlarynyň howa zyňyndylaryny azaltmaga geçmegiň hem-de howanyň üýtgemegine täsiriniň çäklerinde esasy orun tebigy gaza degişli bolup, ol gazylyp alynýan ýangyjyň has arassa we amatly görnüşi bolup durýar.  Bu ozaly bilen turbageçirijiler arkaly sarp edijilere iberilýän tebigy gaza degişlidir. TOPH gazgeçirijisi boýunça tebigy gaz hem-de suwuklandyrylan gaz  (LNG) çeşmesinden başlap, Pakistanyň we Hindistanyň gaz toplaýjy nokatlaryna akdyrylanda kömürturşy gazyň howa zyňylan möçberlerine  geçirilen deňeşdirme seljermeleri TOPH gazgeçirijisi boýunça tebigy gazyň akdyrylmagynyň LNG tehnologiýasyny ulanmak bilen şol bir möçberdäki gazyň akdyrylmagyna garanyňda kömürturşy gazyň zyňyndylarynyň az möçberde emele getirýändigini görkezdi.            

Şeýlelikde, TOPH gazgeçirijisi sebitiň döwletleriniň ykdysady taýdan ösmegine itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem uglerod zyňyndylaryny azaltmak boýunça möhüm wezipeleri çözmekde oňyn faktora öwrüler.

Türkmenistan durnukly ösüşe berk ygrarlydygyny görkezýär hem-de sebitde we dünýäde howa boýunça hereketlerini ilerletmekde möhüm orun eýeleýär.   

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, energiýa netijeliligi we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda uzak geljegi nazarlaýan meýilnamalary bilen Türkmenistan durnukly energetika hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek babatda öňdebaryjy döwlet hökmünde öňe saýlanyp, adamlar hem-de Ýer ýüzi üçin oňaýly geljegi döredýär.        

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Şeýle hem