Habarlaşmak
17.12.2024
Strategiki wezipeleriň ileri tutulýan ugurlary
16.12.2024
strategiki-wezipelerin-ileri-tutulyan-ugurlary

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridir. Energiýa serişdelerini eksport etmek bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda barha artýan islege eýe bolan nebit-gaz önümlerini öndürmäge niýetlenen innowasion önümçilikleriň döredilmegi boýunça çäreler hem alnyp barylýar. Şu ýagdaýda ýokary kuwwatly, baý uglewodorod serişdelerine eýe bolan, “Açyk gapylar” syýasatyna ygrarlylygy we amatly maýa goýum ýagdaýyny döreden Türkmenistan Merkezi Aziýada gülläp ösýän döwletiň nusgasyny emele getirdi.

Täze ýataklary özleşdirmek, ulanylýan meýdançalaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak, uglewodorod çig mallaryny çykarmagyň toplumlaýyn mehanizasiýasyny we awtomatizasiýasyny üpjün etmek türkmen nebitçileriniň işleriniň esasy ugurlarydyr. “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy ozal özleşdirmek üçin elýeterli bolmadyk çuň guýulardan hem nebit çykarmagyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Uglewodorod serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, nebiti gaýtadan işlemegi artdyrmak, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bäsdeşlige ukyply we ekologiýa taýdan arassa nebit önümlerini öndürmek – bularyň bary nebitden ýokary hilli önümleri öndürmegiň hakyky ýagdaýlarydyr.

Soňky ýyllarda ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik edaralarynyň gurulmagy ýurt üçin ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçiliklerini giňeltmek bilen çäklenmän, ykdysadyýetde hem giň gerimler mümkinçilikleri açýar. Şu ýylyň başynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda içerki hem-de daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän täze nebit önümleri öndürilip başlandy. Hususan-da, iň sowuk şertlerde ulanylýan reaktiw dizel dwigatelleri üçin niýetlenen “Hydro Plus” kysymly dizel ýangyjynyň, şeýle-de ýokary temperaturaly şertlerde ulanylýan ulaglaryň we desgalaryň güýçli dizel dwigatelleri üçin “SAE 50 API CF-4” görnüşli hereketlendiriji ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy okgunly ösdürmek boýunça alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm taraplarynyň biri milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, hususan-da nebit senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak arkaly ösüşiň ýokary depginlerini gazanmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) durkuny täzelemek we tehniki taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler netijesinde, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi şu topluma degişlidir. Onuň esasy önümçilik görnüşleriniň hatarynda ýokary oktanly etilsiz benzini, awiasiýa, yşyklandyryş we tehniki kerosinler, suwuklandyrylan nebit gazy, dürli görnüşli dizel ýangyçlary, tehniki ýaglar, polipropilen, şeýle hem elektrodlyk pürk gaýnadylan koks, ýol we gurluşyk bitumlary we beýleki önümler bar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň giň gerimli halkara başlangyçlary ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadyny kemala getirmek hem-de sebitde durnukly ösüş üçin amatly şertleri döretmek üçin hakyky mümkinçilikleri döredýär. Häzirki zaman infrastrukturasynyň döredilmegi, täze ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi Milli Liderimiziň durnukly ösüş baradaky energetika konsepsiýasynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Biziň ýurdumyz tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň möçberi boýunça dünýäniň öňdebaryjy orunlarynyň birini eýeleýär, dünýädäki “mawy ýangyja” we ondan alynýan önümlere bolan isleg hem yzygiderli artýar. Şunuň esasynda ýurdumyzda ähmiýetli durmuş-ykdysady maksatnamalar we halkara taslamalar amala aşyrylýar.

Uglewodorod serişdeleriniň baý ätiýaçlyklarynyň esasynda Türkmenistan nebit-gaz ulgamynda ýurduň gülläp ösmegi üçin örän ähmiýetli giň gerimli taslamalary durmuşa geçirýär. Halkara jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk döwletimize uly artykmaçlyklar berýär, sebäbi öňdebaryjy daşary ýurt maýadarlarynyň gyzyklanmasy Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryna, eksport we üstaşyr mümkinçiliklerine, ýokary depginli senagatlaşdyrma hem-de ösýän söwda we hyzmat bazaryna esaslanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda maýa goýum kuwwaty berk bolan netijeli ykdysady ulgam hereket edýär.

Nebit-gaz toplumyndaky ekologiýa meseleleriniň çözülmegi önümçilik desgasynyň öz “durmuş tapgyrlarynyň” ähli basgançaklarynda daşky gurşawa zyýanly täsirini çäklendirmäge gönükdirilen çylşyrymly we köp taraply wezipedir. “Nebit-gaz ýataklaryny özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere ýetirilende daşky gurşawy goramagyň kadalaryny berjaý etmek, ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk hereket etmek we howanyň üýtgemegine täsiri azaltmak wajyp ugurlaryň biridir” diýip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagatynyň we geologiýa işgärlerine ýüzlenmesinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Daşky gurşawy goramak nebit çykarmak, ony daşamak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagat pudaklarynyň birnäçesinde üpjün edilýär. Nebit we gaz çykarmakda hem-de gaýtadan işlemekde ekologiýa taýdan arassa işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak, galyndylary gaýtadan ulanmak, nebit-himiýa önümçilikleriň gaz zyňyndylaryny arassalamak, hapalanan suwlary arassalamak, nebit we nebit önümleri bilen daşky gurşawyň hapalanmagynyň monitoringini geçirmek ýaly ugurlar ileri tutulýar. Tehnologiki işleriň kämilleşdirilmegi hem atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almakdaky möhüm wezipeleriň biridir. Tebigaty goramakda ileri tutulýan maksatlar täze ösen, netijeli tehnologiýalary hem-de dünýä ylmynyň soňky gazananlaryny önümçiligiň ähli tapgyrlarynda – geologiýa-gözleg işlerinden başlap, nebit-gaz ýataklaryny özleşdirmek we nebit önümlerini öndürmek ýaly çäkleriň hemmesinde giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalar ýurduň ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pähim-parasatly we oýlanyşykly durmuş-ykdysady syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagy we Türkmenistanyň gülläp ösmegi üçin amatly şertleri döredýär.

Çeşme: «Нейтральный Туркменистан» gazeti

Şeýle hem