Habarlaşmak
21.02.2025
Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak — Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugry
18.02.2025
nebitgaz-senagatyny-doewrebaplasdyrmak-tuerkmenistany-durmus-ykdysady-taydan-oesduermegin-moehuem-ugry

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga, ýurdumyzy has-da ösdürmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak bu ugurda pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde anyk ädimler boldy. Şu meseleler 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň gün tertibinde öz beýanyny tapdy. Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny we dürli önümçilikleri döretmek babatda giň gerimli işleri nazara almak bilen, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler, nebit önümlerini sarp edijilere ýetirýän nokatlary has-da artdyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini we üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmekde döwrebap hyzmatlary ýola goýmak boýunça geçirilýän işler barada hasabatlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlary döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk teklipler berildi.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň nebiti gaýtadan işlemek, içerki sarp edijileri nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, bu önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli kärhanalaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak barada berýän tabşyryklary esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda möhüm işler alnyp barylýar. Bu iri kärhanalar türkmen nebithimiýasynyň kerwenbaşylary bolup, olar ýokary oktanly awtomobil benzinlerini, uçar, yşyklandyryjy we tehniki kerosinleri, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň, çalgy ýaglarynyň we polipropileniň dürli görnüşlerini, elektrodly ýakylan koksy, ýol we gurluşyk bitumlaryny, dürli galyňlykdaky gaplaýjy örtükleri we beýlekileri öndürýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny döwrebap derejede ösdürmäge, nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işini kämilleşdirmäge, içerki sarp edijileri we daşarky bazarlary nebit önümleriniň zerur möçberi bilen üpjün etmäge uly ähmiýet berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pudagyň ugurdaş kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak üçin geljekde hem döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna aýratyn üns berýär.

Döwletimiziň durmuş syýasatyny amala aşyrmakda ýangyç-energetika toplumynyň ähmiýetini bellemek bilen, nebitgaz pudagynyň ýurdumyzyň elektroenergetikasyny ösdürmäge goşandynyň uludygyny aýtmak gerek. Mälim bolşy ýaly, döwletiň energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän elektrik stansiýalar tebigy gazda işleýär.

Şunuň bilen baglylykda, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri mundan beýläk-de döretmek möhüm wezipe bolup durýar. Uglewodorod çig malyny düýpli işlemäge ýöriteleşdirilen önümçilik toplumlary hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam berýär. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawod bolup, ol dünýä we içerki bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary dykyzlykly polietilen we polipropilen öndürýär, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawod hem şolaryň biridir.

Umuman, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň amala aşyrylmagy, milli ykdysadyýetiň möhüm böleginiň — nebitgaz senagatynyň ösdürilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Leýli AŞYROWA,
«Nebit-gaz».

Şeýle hem