Ýurdumyzda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, şu gün — 14-nji dekabrda ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününiň giňden dabaralandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda 2010-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda döredilen bu hünär baýramçylygy her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen taryhy-syýasy baglanyşygy bar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe, 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi açylyp ulanmaga berildi we türkmen mawy ýangyjy Gündogara akdyrylyp başlandy. Taryha altyn harplar bilen ýazylan şol gün hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde yglan edildi.
Ýeri gelende bellesek, tebigy baýlyklarymyz halkymyzyň rysgal çeşmesi bolup, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, olar sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagy, energiýa serişdeleriniň iberilýän ugurlaryny ep-esli artdyrmagy maksat edinýär. Ýurdumyzda energetika howpsuzlygynyň häzirki döwrüň şertlerine we talaplaryna laýyk gelýän täze düzümini döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, 6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabata ünsi çekmek ýerlikli bolar. Bellenilişi ýaly, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda oňyn tehniki-ykdysady görkezijiler gazanylyp, hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan meýilnama 102,3 göterim ýerine ýetirildi. Degişli döwürde nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de dizel ýangyjyny, polipropileni, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça üstünlikler gazanyldy.
Görnüşi ýaly, ata Watanymyzda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirmäge, aýratyn-da, nebitgaz ýataklaryny düýpli özleşdirmäge, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmäge möhüm üns berlip, munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda nebitgaz işgärleriniň alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň netijesidir. Şoňa görä-de, nebitgaz, geologiýa pudaklarynyň zähmetsöýer işgärlerini ýurdumyzda şu gün giňden bellenilýän hünär baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Çeşme: «Nesil» gazeti