Habarlaşmak
12.09.2025
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlendi
16.08.2021
merkezi-aziya-yurtlarynyn-hyzmatdaslygynyn-esasy-ugurlary-kesgitlendi

 "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammite gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň garamagyna hödürlemegi teklip etdi, onda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan –Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden hem çekilip bilner.

Şeýle mysallary elektroenergetika ulgamynda hem getirip bolar. Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ulag ulgamy Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa-Hazar-Garadeňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa-Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek baradaky teklibini beýan etdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky doly derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklary dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bu gün möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi.

Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine degişlidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna we çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak we suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak barada barýar.

“Biziň öňümizde möhüm we uly wezipeler durýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şol wezipeleriň hemmesiniň hötdesinden gelip biljekdigine ynaýaryn. Şu günki duşuşyk hem-de döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarynyň yzygiderliligi şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir” diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Forumda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmek, syýasy, söwda-ykdysady, maýagoýum, suw-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk tekliplerini aýtdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň wekilleriniň çykyşlarynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri gozgaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlar we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalarynyň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassyklady. Olaryň hatarynda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda Nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça özaradüşünişmek hakynda ähtnama bar.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda guralan sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine baryp gördüler.

Görkezilen diwarlyklar milli ykdysadyýetleriň esasy pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtomobilgurluşyk, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini beýan etdiler.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sergi bölümlerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň häzirki ösüş derejesi görkezildi.

Tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär, häzir ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” esasy iberijileriň hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de baý uglewodorod gorlary netijesinde ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary bilen birlikde dürli ugurlar boýunça gazyň eksportuny artdyrmak üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin gazdan peýdalanmagyň mümkinçiligini artdyrmak we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategik ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumyna degişli ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, känleri gaýtadan işlemegiň döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalaryny we usullaryny peýdalanmaga, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Hazaryň türkmen böleginiň hem-de kenarýaka zolagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny, hemme şertleri döredip, energetika ulgamynda uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýar. Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegine örän uly serişdeler gönükdirilýär, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär, sebit we halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.
 

Şeýle hem