Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan iri ykdysady, medeni, syýasy, halkara diplomatiýa, ynsanperwer çäreleri geçirmekde sebitde ilkinji orunlary eýeleýär. Şeýle giň gerimli çäreleriň hatarynda geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar.
Ilkinji nobatda, geçirilen köp sanly maslahatlaryň dowamynda geografik ýerleşişi boýunça halkara bazarlaryna çykmagy çäkli bolan we ulag-logistika çykdajylarynyň ýokarylygy ýaly kynçylyklary başdan geçirýän ýurtlaryň durnukly ösüşini saklamak meselesine garaldy. Şeýle sanawa girýän ýurtlara ykdysady ýeňillikleri döretmek maksady bilen, olaryň arasynda halkara hyzmatdaşlyklar ýola goýuldy. Munuň ýaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar tejribe alyşmaga, netijeli býujet syýasatyny alyp barmaga, ykdysady bähbitleri artdyrmaga ýardam edýär. Forumyň dowamynda sanly ykdysadyýetiň we sanly söwdanyň her bir ýurduň durmuşyndaky orny barada aýratyn durlup geçildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň söwda ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda ylalaşyklaryny has netijeli ulanmak, her bir tarapyň bähbidini göz öňünde tutmak ugrunda öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, özara sebit gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň tarapdary bolup durýar. Watanymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» we «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgeleri daşary syýasatynda uly üstünliklere beslendi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler, olar bilen goňşy döwletleriň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda halkara diplomatiýasyny ösdürmek boýunça strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara ylalaşyklaryň kabul edilmegi her bir ýurt üçin durnukly ösüşi üpjün edip, halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrar.
Ýakup KYÝASOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy
Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti