Habarlaşmak
24.05.2025
YLYM-BILIM — ÝAŞAÝŞYŇ ÖZENI
08.05.2025
ylym-bilim-yasaysyn-oezeni

Ylym-bilim — durmuşymyzyň, ýaşaýşymyzyň, ösüşimiziň özeni. Şol sebäpli ýurdumyzda her ýyl bilim ulgamynyň ösdürilmegine köp möçberde serişdeler gönükdirilýär. Paýtagtymyzda we Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdebe çenli edaralar, umumybilim berýän orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleriniň täze toplumlary gurulýar.

Ýurdumyzyň bilim edaralary kompýuterler, multimedia we beýleki zerur enjamlar, okuw esbaplary bilen üpjün edilip, internete birikdirilendir. Elektron kitaphana çeşmeleri hem ýaşlaryň ygtyýaryndadyr.

Häzirki wagtda Diýarymyzda takyk, tebigy we ynsanperwer bilimleri hem-de daşary ýurt dillerini okatmaga ýöriteleşen mekdepleriň birnäçesi hereket edýär. Türkmen halkynyň baý taryhyny, medeni mirasyny çuňňur öwrenmek maksady bilen, okatmagyň täze usullary peýdalanylyp, aýry-aýry dersler boýunça goşmaça gurnaklar döredilýär hem-de çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulan ylmy edebiýatlar taýýarlanylýar. Bularyň ählisi milli bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, saýlap alan kärine eýe bolmaklary, döredijilik we ylmy iş bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilip, kabul edilen döwlet maksatnamalarynda, konsepsiýalarynda, strategiýalarynda, kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapýar.

Kemal TÄÇMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti

Şeýle hem