Habarlaşmak
04.06.2025
Energetika diplomatiýasy — Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugry
28.05.2025
energetika-diplomatiyasy-tuerkmenistanyn-bitaraplyk-syyasatynyn-moehuem-ugry

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wakalary Türkmenistanyň daşary syýasatynyň — hemişelik Bitaraplygynyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, şol sanda milli ykdysadyýetiň strategik nebitgaz pudagyny ösdürmekde esasy ýörelgesiniň iş ýüzünde amal bolýandygyny görkezýär.

Giň gerimli taslamalary özbaşdak we hyzmatdaşlary bilen bilelikde amala aşyrmaga ukyply bolan özygtyýarly döwlet hökmünde Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda onlarça ýurtlar, öňdebaryjy tehnologiýalary bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, şeýle hem maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy. Bu, öz nobatynda, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy we energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitdi.

Şonuň bilen baglylykda, şu ýylyň bahar paslynda ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda geçirilen iri forumlar barada ýatlap geçmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Bu, ozaly bilen, 23-24-nji aprelde Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum — TEIF 2025 bolup, ol energetika we global hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ähmiýetli waka öwrüldi.

Aprel aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanda halkara standartlaryna laýyklykda hiliň üpjün edilmegi» atly halkara maslahatyň ýörite mejlisine gatnaşyjylar ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň, has takygy, ýangyç-energetika toplumyny sertifikatlaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine jikme-jik seretdiler.

Şu ýylyň baharynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) dünýäniň dürli ýerlerinde geçirilen sergilerde ýurdumyzyň energetika sektorynyň, hususan-da, nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň eksport kuwwaty bilen giňden tanyşdyrdy.

Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýanyň Osakada geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň milli gününiň çäklerinde TNGIZT-niň öndürýän nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşleri bu ýere gelýän adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Mälim bolşy ýaly, onuň kuwwatlyklarynda benzin, uçar we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyjy, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, peç ýangyjy, gazoýl, nebit elektrodly koks, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumlary, kükürt, şeýle hem sintetik ýuwujy serişdeler we beýlekiler öndürilýär.

Eýranyň Gürgen şäherinde 5 — 7-nji maýda türkmen önüm öndürijileriniň önümleriniň giň gerimli sergisi guraldy, bu ýerde hem TNGIZT-niň önümleri görkezildi.

Şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän hem-de Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogara eksport edilýän ýokary hilli önümleri 13 — 18-nji maýda Kazanda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumyň çäklerinde görkezildi.

2025-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ine Aşgabat şäherinde «Uglewodorod ýataklary işlenip taýýarlanylanda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC 2025) geçiriler. Munuň özi paýtagtymyzy nobatdaky gezek halkara energetika giňişligine öwrer. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmen Energiýa Forum» bilen hyzmatdaşlykda guraýan çäresi Türkmenistanyň paýtagtynda dünýäniň esasy ekspertlerini, syýasy işgärlerini, akademik bileleşigiň, maliýe toparlarynyň we energetika kompaniýalarynyň wekillerini birleşdirer.

TESC 2025 diňe abraýly maslahat däl-de, eýsem, öňdebaryjy bilimleri, innowasion tejribäni we ösen tehnologiýalary depginli alyşmak üçin strategik maksatnama hem bolup, ol dünýäniň howa we tehnologik özgerişlikleri bilen baglylykda Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşiniň ugruny kesgitlär.

Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolup durýan we uglewodorod gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanma «Açyk gapylar» syýasatynyň ýöredilmegi, deňhukukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklarynyň bolmagy hem-de global energiýa howpsuzlygy üpjün etmek boýunça türkmen tarapynyň halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir.

Leýli AŞYROWA,
«Nebit-gaz» gazeti.

Şeýle hem