Habarlaşmak
24.06.2025
«Gara altyn» kadaly akdyrylýar
24.06.2025
gara-altyn-kadaly-akdyrylyar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler has-da gaýratly zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramçylyklarynyň dabaraly belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny täze üstünliklere beslemegi başarýarlar.

Konserniň düzüminde ýangyç çig mallaryny çykarmak, dürli maksatly täze guýulary gazmak, «gara altyny» ýörite turbageçirijiler we deňiz ulaglary arkaly gaýtadan işleýjilere ýetirmek, meýdançalary, gaz gysyjy beketlerdir sazlaýjy desgalary bina etmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, guýularyň düýpli ýerasty abatlaýyş işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanýan kärhanalaryň we kömekçi düzümleriň onlarçasy bar. Olaryň baý iş tejribeleri we ylmy taýdan esaslandyrmalara daýanýan sazlaşykly işi netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen bäş aýynda hereket edýän guýulardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi.

Çykarylan «gara altyny» Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ýetirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Esasy nebit geçirijiler müdirliginiň hünärmenleriniň goşýan goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Müdirligiň ýerlerdäki bölümleri arkaly baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig maly turbageçirijileriň we ýörite ulaglaryň üsti bilen gaýtadan işleýjilere iberilýär. Gürrüňi edilýän müdirlik boýunça şu ýylyň başyndan bäri TNGIZT-e iberilen «gara altynyň» möçberi 1 million 948 müň 927 tonna ýetdi. Ugradylan nebit çig malynyň 1 million 904 müň 699 tonnasy turbageçirijileriň üsti bilen akdyryldy.

Ýylyň başyndan bäri Hazar deňziniň üsti bilen gaýtadan işleýjilere ugradylan ýangyç çig malynyň möçberi 23 müň 864 tonna deň boldy.

Esasy nebit geçirijiler müdirliginiň hünärmenleriniň gazanýan zähmet üstünlikleri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmegine saldamly goşantdyr.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Nebit-gaz».

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem