Habarlaşmak
04.06.2025
Kuwwatly toplumda işler ileri
27.05.2025
kuwwatly-toplumda-isler-ileri

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da netijeli zähmet çekilýär. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kuwwatly desgalarydyr kämil tilsimatlaryna eýe bolan bu döwrebap kärhanada ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümleri taýýarlanylyp, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmakda guwandyryjy sepgitler gazanylýar.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kerwenbaşysy hökmünde tanalýan TNGIZT-niň hünärmenleri «gara altyny» gaýtadan işlemekde we nebit çig malyndan dürli görnüşli awtoulag ýangyçlaryny, ýangyç kerosinini, dizel ýangyjyny, mazuty, çalgy ýaglaryny, polipropileni, suwuklandyrylan gazy we dürli nebithimiýa önümlerini dünýä hil ülňüleriniň talaplaryna laýyk öndürmegiň abraý bilen hötdesinden gelýärler. Bu nebithimiýa önümleri ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerinde hem esasy orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda daşary ýurtlardan getirilýän ýokary hilli önümleriň ornuny tutýan, ekologiýa babatda arassa, sarp ediş bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy bilen uly isleg bildirilýän önümleri öndürmek boýunça öňde goýýan belent wezipelerinden ugur alyp işleýän zawodlar toplumynda bitirilýän işler ýylsaýyn nusgalyk derejelere göterilýär. Iň esasy bellenilmeli zatlaryň biri hem, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň bu öňdebaryjy kärhanasynyň yzygiderli täzelenişi başdan geçirýänligidir. Bu döwrebap kärhanada nebiti gaýtadan işlemegi çuňlaşdyrmagyň netijesinde goşmaça nebit önümleriniň taýýarlanylyşynyň möçberleri düýpli artdyrylýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen döwründe kuwwatly kärhana boýunça «gara altynyň» 1 million 497 müň 253 tonnasy gaýtadan işlenip, bu baradaky meýilnamanyň 104 göterim berjaý edilmegi-de aýdylanlara doly güwä geçýär. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe awtoulag benzinlerini taýýarlamagyň umumy meýilnamasynyň 100,1 göterim, ýangyç kerosinini öndürmekde 105,4 göterim, çalgy ýaglaryny taýýarlamakda 110 göterim, nebit bitumy babatda bolsa 181 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek. Kärhana boýunça suwuklandyrylan gaz taýýarlamakda önümçiligiň ösüş depgini 120 göterim, dizel ýangyjyny taýýarlamakda bolsa 106 göterim ýokarlandy.

Häzirki zaman dünýäsiniň iň öňdebaryjy desgalarydyr döwrebap enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen toplumda ýylyň geçen döwründe meýilnama garanyňda 590 tonnadan gowrak ýangyç çig malynyň köp gaýtadan işlenilmegi-de kärhanada döwrüň ösen talaplaryna laýyk iş alnyp barylýandygynyň aýdyň netijesidir. Bu ýerde «Türkmenistanda öndürildi» diýen buýsançly belgi bilen taýýarlanýan nebithimiýa önümleri dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
žurnalist.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem