Habarlaşmak
17.08.2025
Dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
16.08.2025
dostluk-we-hyzmatdaslyk-denzi

2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Tähran Konwensiýasynyň güýje girmegi bilen, Hazarýaka döwletleriň bäşisin­de­ —­ Türk­me­nis­tan­da,­ Rus­si­ýa­da, Gazagystanda, Eýranda we Azerbaýjanda Hazar deňziniň güni bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp, tutuş Hazar sebitinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dabaraly çäreler geçirilýär. Ýa­kyn­da Ha­za­ryň ­gö­zel­ ke­na­ryn­da­ — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli tamamlanan wekilçilikli forum —­Bir­le­şen­ Mil­let­ler ­Gu­ra­ma­sy­nyň ­Deň­ze­ çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty Hazar deňziniň, hakykatdan-da, dünýä halklaryny has-da jebisleşdirýän, öňde durýan möhüm wezipeleri bilelikde çözmekde olaryň tagallalaryny birleşdirýän meýdança öwrülendigine aýdyň şaýatlyk etdi. Hazar giňişligi ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwaty babatda giň 
mümkinçiliklere eýe bolan sebitdir. Deňziň kenary döwletleriň we halklaryň özara gatnaşyklarynyň, olaryň däpleriniň, 
medeniýetleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň goralyp saklanyp galan hem-de häzirki wagtda ösdürilip baýlaşdyrylýan ýeridir.

Rozygül HUDDYÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
uly mugallymy

Çeşme: "Nebit-gaz" gazeti

Şeýle hem