«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen dokuz aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar.
Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞ-da, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Konserniň düzüminde 1998-nji ýylda döredilen «Nebitgazburawlaýyş» tresti nebit, gaz, ýodbrom hem-de ýörite guýulary gazmak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadyr. Trestiň degişli müdirlikleri:
— rotor, elektrobur we düýp çuňluk dwigatelleri arkaly nebit, gaz, ýodbrom we ýörite guýulary göni, ýapgyt gönükdirilen we keseligine gazuw usullar bilen guýularyň doly gurluşygyny amala aşyrmak;
— guýulary berkitmek we tamponlamak, bu işleri täzeden geçirmek, guýularda sement köprülerini gurmak we şuňa meňzeşler;
— buraw enjamlaryny gurnamak, sökmek we olary göçürmek;
— barlag we özleşdiriş işleri, ýokarky gatlaklara geçmek, geçiş depginlerini ýokarlandyrmak;
— guýulary wagtlaýyn önümçilikden çykarmak we olary täzeden önümçilige girizmek;
— buraw we beýleki enjamlary abatlamak;
— buraw laýlaryny taýýarlamak, bejergi, agramlylygyny ýokarlandyrmak üçin işleri geçirmek;
— buraw, agyr buraw we NK turbalary bilen üpjünçiligi gazanmak hem-de olary abatlamak;
— berkitme turbalary bilen üpjünçilik. Olary abatlamak, berkitme turbalaryny synagdan geçirmek;
— buraw enjamlarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlamak;
— guýularyň gurluşygynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak;
— maslahat hyzmatlary ýaly işleri üstünlikli amala aşyrýarlar.
Ýeri gelende aýtsak, trestiň önümçilik we ýardam beriş düzümlerinde öz işine ussat hünärmenler, ýokary bilimli inžener-tehnologlar, geologlar, mehanikler, energetiklerdir burawlaýjylar göreldeli zähmet çekýärler. Olaryň burawlaýyş işlerinde baý iş tejribeleri bar. Trestiň düzümleriniň hünärmenleriniň çylşyrymly dag-geologiýa we termofiziki-himiki häsiýetli Günbatar we Günorta — Günbatar Türkmenistanyň ýerasty hazynaly meýdançalarynda çuň we keseligine gazylýan guýulary burawlamakda ýeterlik ussatlyklary bar. Olar ýapgytlygyna gönükdirilen we keseligine gazuw işlerini ygtybarly alyp barýarlar. Öz döwründe trestiň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri elektroburyň kömegi bilen iň çuň guýyny (5 müň 250 metr) dünýäde ilkinji bolup keseligine gazyp, oňat netije gazanmagy başardylar. Buraw işleri müdirliklerinde Günbatar Türkmenistanyň çägelik, şorluk we çylşyrymly howa şertlerinde buraw desgalaryny gurnamak talabalaýyk amala aşyrylýar. Trestiň düzümlerinde işleýänleriň ählisi zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelýän ýörite egin-eşikler, goranyş serişdeleri bilen üpjün edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen nebitçileriniň öňünde goýýan belent wezipelerine mynasyp iş bilen jogap bermek burawlaýjylaryň baş maksady bolup durýar. Özleşdirilýän ýataklarda täze gazylýan guýular ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Täze özleşdirilýän Uzynada meýdançasynda gazylyp, önümçilikçilere tabşyrylýan guýular uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryny berýärler. 2020-nji ýylyň başyndan şu güne çenli trestiň buraw işleri müdirlikleri tarapyndan gazuw işleri üstünlikli tamamlanan täze guýularyň sany 208-e barabardyr. Olaryň 180-siniň ulanyş maksatly guýulardygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek.
Çeşme: «Nebit-Gaz» gazeti