Habarlaşmak
24.05.2025
Burawlaýjylaryň buýsandyryjy üstünlikleri
29.04.2025
burawlayjylaryn-buysandyryjy-uestuenlikleri

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 5-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen üç aýynyň jemlerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde uglewodorod çig mallarynyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň, olaryň eksport edilýän möçberini durnukly artdyrmagyň wajypdygyny nygtamak bilen, toplumyň önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň çägindäki meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işlerini yzygiderli dowam etdirmelidigini aýratyn nygtady. Aslynda, Türkmenistan Watanymyz nebitdir gazyň gorlaryna baý döwletleriň hatarynda bolmak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary durmuşa ornaşdyrmakda tutanýerli işleri bitirmegi başarýan döwlet hökmünde tanalýar. Bu möhüm işe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň degişli müdirlikleri saldamly goşantlaryny goşýarlar. Bu kärhanalaryň zähmet toparlary hazynaly meýdançalarda täze guýulary gazmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tagallaly zähmet çekýärler. Muňa şu ýylyň birinji çärýeginde tutuş trest boýunça 39 müň 348 metre barabar dag jynslarynyň gazylyp, meýilnamanyň 150 metr artygy bilen ýerine ýetirilmegi hem güwä geçýär.

Dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň bir kämil buraw desgalaryna we enjamlarydyr tilsimatlaryna eýe bolup, olara başarjaňlyk bilen erk edýän bu müdirlikleriň burawlaýjylary has çuň gatlaklara ynamly aralaşýarlar. Täze guýulary gazmaklygyň Uzynada meýdançasynda ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek. Diňe bir soňky iki ýarym ýyla golaý wagtyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw işleri müdirlikleriniň hut şu ojakda gazan ondan gowrak täze guýularynyň häzirki günlerde uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryny eçilýändigini, olaryň aglabasyny Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlarynyň amala aşyrandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen üç aýynda konsern boýunça hereket edýän guýulardan jemi 949 müň tonna golaý «gara altyn» çykarylyp, meýilnamanyň 107 göterimden geçirilip berjaý edilmegine aýgytly täsirini ýetiripdir. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, konsern boýunça artyk alnan nebitiň 46 müň tonna golaýlandygy hasam guwandyryjy görkezijidir.

Uglewodorod çig mallarynyň eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyna önjeýli goşantdygyna aýdyň göz ýetirýän ekeremli burawlaýjylar hem öňe saýlanmagy başarýarlar. Geçen hasabat döwründe «Ekerem» buraw işleri müdirliginde tabşyryga goşmaça 1 müň 445 metr dag jynslary gazylyp, bellenilen meýilnama 115 göterime barabar amal edildi. Meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başaran «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň zähmet toparlary bolsa geçen üç aýda 11 müň 648 metr çuňluk geçip, bu ugurda trestiň ugurdaş düzümlerinden has öňe saýlanmagyň hötdesinden geldiler. Iň esasy zat bolsa, konserniň burawlaýjylarynyň şu ýylyň üç aýynda önümçilikçilere ulanyş maksatly täze guýularyň 9-syny tabşyryp, meýilnamany 112,5 göterim ýerine ýetirendikleridir. Ýeri gelende aýtsak, «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri gürrüňi edilýän döwürde ulanyş maksatly guýulary önümçilikçilere tabşyrmagyň meýilnamasyny 150 göterim berjaý etmegi başardylar.

Hojaberdi BAÝRAMOW

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti

Şeýle hem