Türkmenistanyň Ilçisiniň Pakistanyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda Türkmenistan bilen energetike ulgamyndaky bilelikdäki taslamalarynyň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Hususan-da, duşuşygyň barşynda Pakistanyň Döwlet ministri Türkmenistan bilen bilelikdäki TOPH we TOP taslamalarynyň mundan beýläk hem ilerledilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny nygtady.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasy ýurduň Parahatçylyk we Diplomatik ylymlary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp guralan “Türkmen-pakistan gatnaşyklaryna 30 ýyl – ösüş ýoly” atly okuw maslahatynyň çäklerinde geçirildi.
Bu çärä Pakistanyň DIM-niň wekilleri, görnükli syýasatşynaslar, Pakistanyň seljeriş merkezleriniň, işewür toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Yslamabatdaky daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Öz çykyşlarynda okuw maslahatyna gatnaşyjylar 30 ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda döwlet baştutanlarynyň, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli syýasy gatnaşyklaryň ýola goýlandygy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi.
Iki ýurduň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatda, halkara guramalaryň çäklerinde işjeň özara gatnaşyklary alyp barýandyklary bellenildi.