
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2025-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek " Ýylyň türkmen edermen alabaýy" halkara bäsleşiginiň geçirilmegi hakyndaky buýruga gol çekdi.
Baýramçylygyň çäginde türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikler hem geçiriler.
Bu çäre türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan nusgalyk türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen gurnalýar.