Habarlaşmak
19.09.2024
Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
13.09.2024
Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wengriýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Rožadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady we iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda netijeli işlemegi arzuw etdi.

Dostlukly döwletiň doly ygtyýarly wekili hoşniýetli sözler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Wengriýanyň Prezidenti Tamaş Şuýokyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna hem-de halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň çäklerinde diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň okgunly ösmegini şertlendirýär.

Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän milli we halkara ähmiýetli iri taslamalaryň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýyny has-da artdyrýar. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri nygtaldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady, saglygy goraýyş ulgamlary, oba hojalygy we beýlekiler bar.

Iki ýurduň halklarynyň özara düşünişmegine, ynanyşmagyna ýardam edýän parlamentara hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýožef Roža netijeli söhbetdeşlik üçin hoşallyk bildirip, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem