Habarlaşmak
22.10.2025
Türkmen halkynyň milli Lideri ABŞ-nyň Prezidentini TOPH gaz geçiriji taslamany goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi
21.10.2025
Türkmen halkynyň milli Lideri ABŞ-nyň Prezidentini TOPH gaz geçiriji taslamany goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi

Türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamany goldandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz 20-nji oktýabrda TOPH gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna badalga bermek mynasybetli geçirilen çäredäki çykyşynda şeýle diýdi: «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejede ösdürildi».

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein» kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem