Habarlaşmak
04.03.2025
“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ýokary önümçilik kuwwatyna eýe bolýar
01.03.2025
“Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ýokary önümçilik kuwwatyna eýe bolýar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda zerur çäreler görülýär. Hususan-da, nebit guýularyndan uglewodorod serişdelerini çykarmak, nebithimiýa senagatyny ösdürmek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlygyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny çig malyň goşmaça möçberleri bilen üpjün etmek, onuň kuwwatyny netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işler munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, “Türkmennebit” döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem