Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 million 274 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, ýorgan-düşek daşlygynyň toplumlary, jins önümleri ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 724 müň manatdan gowrak bolan buýan kökünden taýýarlanylan çaý içgisini, nah galyndylary satyn aldylar.