Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow 3-nji oktýabrda Ministrler kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Daşary işler ministrliginiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Ýylyň başyndan bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparlaryny, Ýaponiýa sapary, Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy. Hasabat döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa, Tatarystana we Azerbaýjana saparlary boldy.
Şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Türkmenistana sapary amala aşyrdylar.
Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary özara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 433-si geçirildi. Ýurdumyzda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 2 müň 63-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 134 resminama bilen ýetirildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Mundan başga-da, döwlet baştutanymyz diplomatik korpusdaky işgärleriň üýtgemegi baradaky kararlara gol çekdi.