Habarlaşmak
25.10.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy ýurduň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
25.10.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy ýurduň bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji oktýabrda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Maslahatda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň, yşyklandyryş we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler bar. Şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary guramaçylykly geçirmek bilen bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasynyň talabalaýyk guralmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çärä şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem