
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 4-nji noýabrda «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady.
Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalyna öwrüler.