
Aşgabatda 4-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýer titremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi.
Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini we ýurdumyzyň doganlyk Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkymyzyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.