3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda tebigy gazyň uly ätiýaçlyklaryna eýe bolan iri Galkynyş gaz känine baryp gördi.
Döwlet Baştutany, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyň dowamynda edara binasyna bardy, bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna sebitde hünärmenleriň hasaplamalaryna görä ýüze çykarylan, ägirt uly gorlara eýe bolan tebigy känler, olary özleşdirmegiň ugurlary barada giňişleýin maglumat berýän çyzgylar, birnäçe taslamalaryň görnüşleri hödürlendi.
Tanyşlygyň dowamynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek, onuň gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak boýunça häzirki zaman ylmynyň ösen tejribelerini özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ylmy-barlag işlerini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmak babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berildi.
Soňra “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde alnyp barylýan geologiýa-gözleg işleri, bu ugurda ulanylýan ylmy tejribeleriň aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, uglewodorod serişdelerine baý känleri ýüze çykarmak işi ylmy çemeleşmäni talap edýär.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy pudagy ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdeleri, ony netijeli özleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Öňden bellenilişi ýaly, bu ugurda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de iberilýän ugurlaryny köpeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, toplumyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem täze nebitgaz guýularyny burawlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribesi, döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu ýagdaý hem öz gezeginde toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň has-da ilerlemegine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen çyzgylar, täze gaz känlerini özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülişi bilen tanyşdy. Bellenilşi ýaly, ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalary özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz geljegi uly hasaplanýan “Günorta Mary” meýdançasyna aýratyn ünsi çekdi. Bu sebitde gaz guýularynyň buraw işlerine täzeçil usullar arkaly çemeleşmek zerurdyr, bu hem öz gezeginde tebigy gaz baýlyklaryny tygşytly peýdalanmagyň esasy şerti bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda, uzak möhletleýin anyk taslamalar arkaly özleşdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.
Geologiki gözleg we buraw işlerini güýçlendirmek, täze nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan ösdürmek zerurlygyna ünsi jemläp, Döwlet Baştutany öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.