Habarlaşmak
20.10.2025
Türkmenistan we Gazagystan döwletara gepleşikleri has-da güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
20.10.2025
Türkmenistan we Gazagystan döwletara gepleşikleri has-da güýçlendirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 17-nji oktýabrda ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi.

Myhman Gazagystanda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Taraplar, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini bellediler. Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, halkara ulag geçelgeleri, hususan-da, Demirgazyk — Günorta ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Sanlylaşdyrmak, infrastruktura we innowasiýalar, «ýaşyl» ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Şol gün Gazagystanyň wise-premýeri Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Taraplar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän birnäçe ikitaraplaýyn çäreleriň, şol sanda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem