Habarlaşmak
12.02.2025
Türkmenistanda IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy
12.02.2025
Türkmenistanda IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy

11-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň direktory Ewe-Kýulli Kalanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygynyň bu agentligiň esasy maksadynyň – atom energiýasyny bütin dünýäde parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen ulanmagyň çygrynda işjeňleşýändigini bellediler.

Söhbetdeşler häzirki we geljekki bilelikdäki taslamalary, hususan-da, radiobejergi gullugyny döwrebaplaşdyrmak, radiasiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk binýadyny rejelemek boýunça işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda IAEA-nyň çäklerinde Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi bellenildi. Şeýle-de, taraplar Türkmenistan boýunça IAEA-nyň çarçuwaly maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagynyň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkeziniň gurluşygynyň çäginde IAEA-nyň bilermenlerini çekmek meseleri boýunça pikir alyşyldy.

Taraplar Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň agzalan departamenti bilen Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem