Habarlaşmak
12.02.2025
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji ýylyň jemlerine garaldy
10.02.2025
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda 2024-nji ýylyň jemlerine garaldy

9-njy fewralynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda geçen 2024-nji ýylynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirmek bilen, ulgamyň işini kämilleşdirmekde, döwrüň gazananlary esasynda ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämil tehnikalar we enjamlar, innowasion tehnologiýalar esasynda yzygiderli berkidilýändigini, şonuň netijesinde pudagyň öňünde möhüm wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmakda, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini toplumyň işinde giňden ulanmakda, «Galkynyş» gaz käninde tapgyrlaýyn alnyp barylýan işleri güýçlendirmekde, raýatlary, iri senagat kärhanalaryny, elektrik stansiýalaryny hem-de daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde alnyp barlan işler hem-de täze 2025-nji ýylda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda meýilleşdirilýän we alnyp barylýan iri taslamalary elmydama gözegçilikde saklamagyň, onda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmagyň, önümçilik, ösüş meýilnamalarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň, ýaş hünärmenleriň önümçilik desgalarynda bolup, ýerlerde ýola goýlan işler bilen ýakyndan tanyşmaklarynyň möhümdigini belledi. Wise-premýer Batyr Amanow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw edip, anyk wezipeleri kesgitledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew nebitgaz toplumynda ileri tutulýan ugurlary nygtap, täze ýataklary gözlemek we açmak, iri taslamalary durmuşa geçirmekde täze tehnologiýalary öwrenmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, toplumyň hünärmenleriniň hünär başarnyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we beýleki wajyp wezipeler dogrusynda durup geçdi.

Şeýle hem