Habarlaşmak
12.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
10.02.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

8-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we ähli amatlyklary özünde jemleýän Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary görkezildi. Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Bu ýerde şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny esasy ugur edinýän netijeli işler amal bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Seýilgählerde ýerleşdiriljek oturgyçlaryň amatlylyk şertlerine doly laýyk gelmegi, olaryň adamlar, aýratyn-da, çagalar üçin oňaýly bolmagy möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Şunda milli binagärlik ýörelgelerine, bu künjegiň ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzda adamlar, olaryň oňaýly ýaşaýyşy we ýokary derejeli dynç alşy bilen baglanyşykly meseleleriň möhüm orna degişlidiginiň nobatdaky beýanydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy hem-de degişli düzedişlerini girizdi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähde ýerleşdiriljek oturgyçlar barada birnäçe maslahatlaryny berdi. Oturgyçlaryň amatlylyk talabyna laýyk gelmegi bilen bir hatarda olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm üns berilmelidir. Oturgyçlaryň şekilleri çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýan görnüşlere eýe bolmalydyr.

Seýilgäh zolaklarynyň we Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli desgalar toplumyna girelgäniň binagärlik babatda özboluşly ähmiýete eýe bolmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz onuň gurluşynda we bezeg aýratynlyklarynda häzirki zaman önümçilik nyşanlarynyň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, binalaryň we desgalaryň uzakmöhletleýinlik talaplaryna, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi, olaryň her bir desganyň ähmiýetine laýyk gelýän keşbiniň bolmagy bilen baglanyşykly meseleler hemişe üns merkezinde saklanmalydyr. Aýratyn-da, täze şäheriň lukmançylyk klasteriniň baş girelgesinde bu ugra degişli ýazgynyň nyşanynyň ýerleşdirilmegi maksadalaýyk bolar.

Hormatly Arkadagymyzyň esasyny goýan täze şäheriň medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasy taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde toý dabaralary geçirmäge niýetlenen döwrebap restoran, myhmanhana, işewürlik merkezi we dürli sport meýdançalary ýerleşdiriler. Şeýle hem merkeziň çäklerinde guruljak desgalar türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden şäherleriniň, şol sanda Gadymy Nusaý galasynyň, Paryzdepe ýadygärliginiň binalary ýaly özboluşlylyk beýanyny tapmalydyr.

Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen gurulýan durmuş maksatly desgalar toplumynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Täze şäheriň medeni-dynç alyş seýilgähinde taryhy gymmatlyklaryň şekilleriniň ýerleşdirilmegi, ösüp gelýän ýaş nesillerde paýhasly pederlerimiziň şöhratly taryhyna bolan söýgüsini artdyrar.

Gahryman Arkadagymyz täze şäherde bina edilýän ähli desgalaryň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň we ekologiýa ýagdaýynyň Arkadag şäheriniň halkara giňişliginde ykrar edilen derejesine laýyk gelmelidigini belledi. Şunda desgalaryň gurluşygynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy wajypdyr. Munuň özi taslama taýýarlaýjylara we gurluşykçylara bildirilýän möhüm talap hökmünde kesgitlenendir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taýýarlanylan taslamalary we gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyza täze şäheriň ikinji tapgyrynda lukmançylyk klasterine degişli desgalaryň we täze şäheriň seýilgählerinde oturdyljak şekilleriň görnüşleri görkezildi.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz önümçilik maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda gurulmalydygyny, aýratyn-da, olaryň enjamlaşdyrylyşyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda ýerli çig mallar esasynda ýola goýulýan önümçilik talabalaýyk bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, täze şäheriň desgalarynyň bezeg işlerinde millilige möhüm ähmiýet berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem täze seýilgäh zolaklarynda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň taýýarlanyş derejesine birnäçe bellikler aýdyldy we degişli düzedişler girizildi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşyk, toplumlaryň enjamlaşdyrylyş we binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli möhüm wezipeleri kesgitledi.

Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, täze şäherde degişli arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň talabalaýyk ýola goýlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we onuň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek meseleleri hemişe gözegçilikde saklanylýar.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren kuwwatly tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagy bilen şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede saklanýandygyny habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary esasynda bina edilen täze şäheriň ekologiýa derejesiniň birnäçe halkara Güwänamalaryna mynasyp bolandygyny belläp, Arkadag şäherinde degişli ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça hemmetaraplaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyna ünsi çekdi. Şunda häzirki zaman tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagyna, tehnikalara aýawly çemeleşilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde bina edilen we ýokary derejeli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny belledi. Aýratyn-da, Halkara zenanlar güni ýokary derejede giňden geçirilmelidir, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň, şol sanda kottejleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşurylmalydyr.

Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly şygary baş ýörelge edinýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň we bu syýasatyň adam hakdaky aladany esasy ugur edinýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan wezipeleriň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli düzüminiň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Bu ugurda alnyp barylýan işler hemişe gözegçilikde saklanylmalydyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Arkadag şäheriniň Garagum derýasynyň demirgazygynda ýerleşýän lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga tarap ugrady.

Garagum derýasynyň demirgazygynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň lagym suwlaryny gaýtadan işleýän desga hereket edýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza şäheriň lagym suwlaryny gaýtadan işlejek täze desganyň işleýiş tertibi barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Gahryman Arkadagymyz nobatdaky guruljak lagym suwuny gaýtadan işleýän toplumyň enjamlaşdyrylyşy, onuň işleýiş aýratynlyklary bilen tanyşdy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmegine, ýurdumyzyň abadançylygyna gönükdirilen işleriň hiç bir ugrunyň ünsden düşürmeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Toplumyň çäginde suw durlaýjy howdan, ýapyk drenaž ulgamy, suwaryş suw toplumy, ozon generatorlary, 100 müň kub metr suw saklamaga niýetlenen desga bar.

Onda lagym suwlaryny gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenen we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän suwlary Arkadag şäheriniň gök zolaklaryny, seýilgählerini, şäher baglaryny suwarmak, şäheriň önümçilik toplumlarynyň, şäheriň golaýyndaky obalaryň zerurlyklary üçin ulanmak meýilleşdirilýär. Gaýtadan işlenen suwuň artykmaç möçberleri bolsa Garagum derýasyna akdyrylar.

Bu ýerde arassa suwuň akdyrýan akabasynyň derejesi ýokary ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, suwuň düzüminiň ýörite barlaghanalarda ylmy esasda öwrenilýändigini aýdyp, alym Arkadagymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Alym Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Garagum sährasynyň merkezi künjeginde “Altyn asyr” Türkmen köli döredildi. Munuň özi şor suw akabalarynyň suw serişdelerini, ekerançylyk ýerlerinden çykýan suwlary bir ýere jemlemäge gönükdirilen asylly işleriň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu asylly başlangyç ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytlamak, ekerançylyk ýerleriniň suwaryş ulgamynyň işini kämilleşdirmek we sähra ýerlerinde ekerançylygy, şol sanda balykçylygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri üpjün etdi.

Häzirki döwürde täze şäherde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda öňde durýan işleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen berjaý etmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem