Habarlaşmak
25.08.2025
Türkmenistan Seulda geçirilen uglewodorod bitaraplygy we ýaşyl ösüş boýunça halkara konferensiýanyň açylyşyna gatnaşdy
25.08.2025
Türkmenistan Seulda geçirilen uglewodorod bitaraplygy we ýaşyl ösüş boýunça halkara konferensiýanyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew 22-nji awgustda Seul şäherinde geçirilen “Uglewodorod bitaraplygy we ýaşyl ösüşi gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyk” maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Geçirilen çärede Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Kim Min Sok çykyş edip, täze koreý Hökümetiniň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmagy artdyrmak üçin gysga wagtda ýöriteleşdirilen senagat toplumyny döretmek we uglerod bitaraplygyny hem-de ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýaşyl energiýa geçişini üpjün etmek babatda meýilnamasy bilen tanyş etdi.

Çäräniň çäklerinde, Ilçi B.Durdyýew bilen Premýer-ministr Kim Min Sokuň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirmek mümkinçiligi boldy.

Durdyýew Türkmenistanyň Döwlet ýolbaşçylarynyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Hökümet Baştutanyna mähirli salamlary ýetirip, ony bu wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ilçi Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministrine iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirip, oňa täze bellenen wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Koreý tarapy iberilen gutlaglar we salamlar üçin minnetdarlygyny bildirip, Koreýa Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri, hususan-da Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça täze derejä çykarmaga uly gyzyklanma bildirýändigi barada berdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem