Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan Ararat welaýatynyň Argawand obasynyň çäginde ýerleşýän XV asryň binagärlik ýadygärligi bolan Garagoýunly türkmenleriň emirleriniň aramgähine baryp gördi.
Çärä Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministri, Ermenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň işgärleri, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow we Ilçihananyň işgärleri gatnaşdyrlar.
Ermenistanyň Prezidenti mawzoleýiň taryhy gymmatlyklary, şeýle hem alnyp barylan bejeriş işleriniň tapgyrlary hem-de aýratynlyklary bilen tanyş boldy.
Ilçi Aýazow hem öz gezeginde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.