Habarlaşmak
27.07.2025
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
25.07.2025
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna uçar heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

Hatda Türkmenistanyň Lideri ýüze çykan howa heläkçiligi bilen baglylykda Russiýanyň ýolbaşçylygyna ýürekden gynanç bildirdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem