Habarlaşmak
27.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçdi
26.07.2025
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 247 sany günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň günä geçmek baradaky çözgüdi türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen kabul etdi. Resminamada Döwlet Baştutanymyzyň beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerendigi bellenilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem