Habarlaşmak
27.07.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy Awazada geçiriljek BMG-niň konferensiýasyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy
25.07.2025
Türkmenistanyň Gahryman Arkadagy Awazada geçiriljek BMG-niň konferensiýasyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň dowamynda şu ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadag Türkmenbaşy Halkara howa menziline baryp, halkara forumyň gatnaşyjylaryny kabul etmäge döredilen şertleri synlady. Pasport we gümrük gözegçilik nokatlarynyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegine, şeýle hem howa menzilindäki söwda nokatlarynda hödürlenýän hyzmatlaryň hiline aýratyn üns berildi.

Gözegçiligiň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň ýagdaýyny barlady. Uçuş-gonuş zolagynyň durkuny täzelemekde innowasion çemeleşmelerden, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden peýdalanyldy.

Milli Lider şeýle hem Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän bu ýerde wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň geçiriljek ýerinde bolup, kenarýaka infrastrukturasyny abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler bilen tanyşdy. LED ekranlar, köpöwüşginli interaktiw suw çüwdürimleri medeni çäreleriň guralýan pursatlarynda bir bitewi sazlaşygy emele getirip, olaryň şowhunyny has-da artdyrar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi. Gahryman Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigini we onda bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar halkara forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem