Habarlaşmak
08.07.2024
Türkmenistan Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesiniň ähmiýetini öňe sürýär
05.07.2024
Türkmenistan Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesiniň ähmiýetini öňe sürýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Astana sammitiniň çäklerinde geçirilen wekiliýet baştutanlarynyň «ŞHG+» görnüşindäki duşuşygyndaky çykyşynda geografik taýdan Türkmenistanyň uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýandygyny we onuň çäklerinde ŞHG döwletleri bilen dürli formatlarda we düzümlerde işlemäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, ulag-üstaşyr ulgam barada aýdylanda, Gahryman Arkadagyň çykyşynda nygtamagyna görä, bu babatda Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa we Ýakyn Gündogara barýan ugry bellemeli. Anyk aýdylanda, gürrüň Ýewropa çykmak arkaly Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe geçelgesi barada barýar. Logistika nukdaýnazaryndan, bu örän amatly ýoldur.

«Onuň netijeli işlemegi üçin möhüm meseleleri, şol sanda ýükleriň serhetüsti daşalmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek zerur bolup durýar. Biziň pikirimizçe, ulag gatnawlary üçin has amatly ýagdaýy döretmek, serhetleriň kesişýän ýerlerinde nyrh, gümrük we beýleki ýeňillikleri bermek barada gürrüň edilmelidir» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu meseläni gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy aýratyn bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň we ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagynda beýleki bir möhüm ähmiýetli utgaşykly ugry Türkmenbaşy şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň gündogar kenarýakasynyň ugry boýunça we soňra günorta tarapa, Eýranyň aýlagdaky deňiz terminallaryna barýan Demirgazyk-Günorta geçelgesi bilen baglanyşyklydyr.

Gahryman Arkadagyň pikirine görä, Merkezi Aziýanyň, Hindistanyň we Pakistanyň serişdeler, ykdysady we ulag kuwwatlyklaryny birleşdirmek bilen baglylykda, ŞHG ýurtlarynyň gatnaşmagy üçin mümkinçilikler bar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem