Habarlaşmak
14.10.2025
Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
13.10.2025
Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Addis Abebada şäherinde 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Mekan Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşykda Protokol müdirliginiň ýolbaşçysy Ilçiniň wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Mekan Işangulyýew öz gezeginde, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Mundan başga-da, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem