Habarlaşmak
22.10.2025
"Türkmennebit" Bütindünýä Bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy
22.10.2025
"Türkmennebit" Bütindünýä Bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdy

«Türkmennebit» Döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Bütindünýä Bankynyň wekilleri, şol sanda Robert Anton Bernard Wan Der Gest we Sandu Gidirim bilen iş duşuşygy geçirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebitgaz pudagynda bilelikdäki taslamalaryň häzirki ýagdaýyny we durmuşa geçirilişiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns uglewodorodlary çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we energetika pudagyna maýa goýumlary giňeltmek meselelerine gönükdirildi.

Guwanç Agajanow Bütindünýä Banky bilen köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlygy belledi. Ol Türkmenistanyň energetika pudagynyň durnukly ösüşine gönükdirilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ynam bildirdi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar portaly

Şeýle hem