Geçen hepde Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdanyň möçberi 30 million 134 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Girdejiniň köp bölegi ýurduň nebit we nebit-himiýa toplumynyň önümlerine degişlidir. Şeýle hem Türkiýe, Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri we Malta ýaly döwletleriň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt walýutasyna awiasiýa kerosinini, suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Mundan başga-da, türkmen telekeçileri manat serişdelerine polietilen we PET gaplaýyş lentasyny satyn aldylar.
Şunuň bilen birlikde geçen hepdedäki söwdanyň dowamynda elde dokalan halylara we ýüpek çig malyna isleg bildirildi.