Habarlaşmak
17.07.2025
OPEC-iň täze baş sekretary 1-nji awgustdan wezipesine girişýär
01.08.2022
OPEC-iň täze baş sekretary 1-nji awgustdan wezipesine girişýär

OPEC-iň täze baş sekretary — Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs 1-nji awgustdan wezipesine girişýär.

Al-Gaýs üç ýyl möhlet bilen guramanyň ýanwar aýynyň başyndaky nobatdan daşary mejlisinde saýlandy. Ol 2017-2021-nji ýyllarda OPEC-de Kuweýtiň wekili boldy, häzirki wagtda Kuwait Petroleum Corporation (KPC) döwlet kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary bolup işleýär.

2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda OPEC-iň däp bolan ýarym ýyllyk maslahatynda ministrler 2022-nji ýylyň awgustynda ygtyýarlyk möhletleri tamamlanýan Mohammed Barkindo derek täze baş sekretary saýlap bilmediler. Bloomberg agentliginiň wekillere salgylanyp habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda Saud Arabystany täze baş sekretaryň eýýäm şol wagt saýlanylmagyny isledi, emma bu teklibe Yrak tarapyndan garşy çykyldy. Yrak we Kuweýt öz wekillerini hödürlediler.

OPEC maslahaty adatça baş sekretary üç ýyl möhlete saýlaýar we onuň ygtyýarlyklaryny ýene-de bir gezek şol möhlete çenli uzaldyp bilýär.

Barkindo bu wezipede iki möhlet işleri. Ygtyýarlyklarynyň gutarmagyna az galanda, 5-nji iýulda ol 63 ýaşynda aradan çykdy.

Şeýle hem