Habarlaşmak
10.10.2024
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi açyldy
10.10.2024
«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi açyldy

Düýn Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy. Asylly däbe görä, ýurdumyzda her ýyl guralýan bu çäre saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berýän iri, abraýly forumlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, lukmançylyk ylmy-kliniki merkezleriniň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylar hem-de hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň joşgunly aýdym-sazly çykyşlary şu gezekki çäräniň bezegi boldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, dünýäniň öňdebaryjy ugurdaş merkezleri bilen hyzmatdaşlykda düýpli özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman tejribeleri işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Şoňa görä-de, Garaşsyz döwletimiziň berk binýatly milli saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlary kemala getirildi. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň hem dünýä ülňülerine görä yzygiderli kämilleşdirilýändigini, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Şeýle-de Gutlagda jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýän, halklarydyr döwletleri jebisleşdirýän uly güýç bolan bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenilýär. «Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýädäki at-abraýyny pugtalandyrarys. Biz geljekde-de parahatçylygyň ilçisi hasaplanýan sporty Ýer ýüzünde has-da dabaralandyrarys» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýylyň-ýylyna innowasion tehnologiýalara we giň halkara hyzmatdaşlyga daýanýan täzeçil pikirdir çemeleşmeleri hödürlemek bilen, foruma gatnaşýan ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Sergide ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüş depgini, Türkmenistanyň lukmançylyk ylmynda we senagatynda, ilatyň saglygyny goramakda ýeten sepgitleri, ägirt uly kuwwaty, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamdaky işjeň gatnaşyklara barha artýan gyzyklanmalary öz beýanyny tapýar. Sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşýanlaryň arasynda Russiýadan, Belarusdan, Germaniýadan, ABŞ-dan, Fransiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Hindistandan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden lukmançylyk hyzmatlarynyň, tebigy gözellik serişdeleriniň, çaga iýmitiniň dürli görnüşlerini hödürleýän, dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş harytlaryny öndürýän kompaniýalar bar. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan «Set Medical», «Gedeon Rihter», «Korea Meditech», «Herbion International Inc», «Lucky Healthcare Co., Ltd.», «SRS Life Science Pte. Ltd», «Atak Cerrahi Ürünler», «Roche», «KRKA tovarna zdravil, d.d.Novo mesto», «KRKA», «Fresenius Medical Care Deutschland GmbH» ýaly köp sanly kompaniýalar öz harytdyr hyzmatlaryny hödürleýär.

Sergi Arkadag şäheriniň bölümi bilen açylýar. Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň diwarlygynyň merkezinde ýerleşdirilen monitorda «akylly» şäheriň saglygy goraýyş edaralarynyň köpugurly işleri baradaky wideoşekiller, şeýle hem güwänamalar, neşir önümleri görkezilýär. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sergi diwarlygy-da gurnalypdyr. Döredilen wagtyndan bäri gazna netijeli ynsanperwer işleri amala aşyryp gelýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç ýaş türkmenistanlylara ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, lukmançylyk serişdelerini satyn almak, olaryň alýan bejergileriniň tölegleri üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle-de howandarlyga mätäçlere, mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna gaznanyň hasabyna protez önümleri, eşidiş enjamlary, maýyplar üçin arabalar satyn alyndy.

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň diwarlygyna aýratyn orun berlipdir. Kärhanada 6 aýlyk we ondan uly çagalar üçin mikro we makro elementler, witaminler bilen baýlaşdyrylan süýtli goşundylaryň önümçiligi ýola goýuldy. Şolaryň arasynda tüwüli, tüwüli hem bananly, mannaly, bally şüleler, ýedi däneden ybarat şüle bar. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy “Hil menejmentiniň ulgamy” diýen ugur boýunça TDS ISO 9001 milli we halkara standartlaryň talaplaryna berk eýerýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň pawilýonynda ýurdumyzyň birnäçe ýokanç keselleri aradan aýyrmakda bitiren hyzmatlarynyň ykrar edilýändigini tassyklaýan halkara güwänamalaryň nusgalary görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribesini BSGG-niň Ýewropa sebitiniň döwletlerinde ýaýratmak maslahat berildi. Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwürde paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda bejeriş-anyklaýyş merkezleri, «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy, köpugurly hassahanalar, şypahanalar, derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Paýtagtymyzda ýöriteleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyklary alnyp barylýar. Olar ýakyn ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirer.

Hünär baýramy mynasybetli şu gün Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň, Mary şäherinde welaýat hem-de şäher Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edara binasynyň açylyş dabaralary geçirildi.

Meşhur kompaniýalaryň innowasion tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy enjamlarynyň netijeli ornaşdyrylmagy, ugurdaş edaralaryň torunyň giňeldilmegi, olaryň hünärmenlerine öňdebaryjy lukmançylyk merkezlerinde taýýarlyk okuwlarynyň geçirilmegi hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini, kesellemegiň derejesiniň peselmegini, netijede, ilatyň ömür dowamlylygynyň artmagyny üpjün edýär. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň ylmy eserlerine hem aýratyn orun berlipdir.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä ýurdumyzyň hususy kärhanalary — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary-da gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda «Ak Hümmet», «Tebip», «Dostlukly zähmet», «Yşgyn», «Ýandak», «Gaýduwsyz Türkmen» hususy kärhanalary, «Saglyk», «Derman lukman gurallary», «Mähirli ýol», «Ýowşan», «Medconcept» hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler bar.

Ýurdumyzyň şypahana-dynç alyş toplumynyň wideoşekillerinde ilatyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler görkezilýär. «Baýramaly», «Berzeňňi», «Bagabat», «Arçman», «Ýyly suw», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» şypahanalarynyň we saglygy dikeldiş merkezleriniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölümini düzýär. Häzirki günde olar saglygy dikeltmek üçin döwrebap merkez bolup, enjamlaşdyrylyşy, hödürleýän hyzmatlary babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy okgunly ösýär we halkara hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma bildirýän taraplara giň mümkinçilikleri açýar.

«Türkmendermansenagat» birleşiginiň kärhanalary ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerden derman serişdelerini öndürmekde ýeten sepgitlerini görkezýär. Döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde soňky ýyllarda Diýarymyzda ýerli çig mallardan derman serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalar açyldy. Şolaryň hatarynda Jebeldäki bejergi palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça zawody, Bereketdäki ýod öndürýän kärhanany, Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanany, bejeriş häsiýetli mineral suwy öndürýän «Berzeňňi» kärhanasyny görkezmek bolar. «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşiginiň kislorod zawody ýurdumyzyň bejeriş-öňüni alyş edaralaryny polat gaplardaky lukmançylyk kislorody bilen üpjün edýär. Aşgabatda, Balkanabatda, Daşoguzda, Maryda, Tejende ýerleşýän natriý gipohloridini öndürmek boýunça önümhanalar zyýansyzlandyryjy serişdelere bolan gündelik zerurlygy doly kanagatlandyrýar. «Buýan» agrosenagat toplumynyň önümleri-de ildeşlerimiziň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem şu gezekki gözden geçirilişde gazanan üstünliklerini görkezýär. Bu ýerdäki wideoşekiller, diwarlyklar myhmanlary ýurdumyzda sanly bilimiň yzygiderli ilerledilişi bilen tanyşdyrýar. Ol innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylymlaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, bäsdeşlige ukyplylygyň möhüm hereketlendiriji güýjüdir.

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sergi meýdançasynyň merkezinde ýerleşdirilen monitorda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, ildeşlerimizi bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan köpugurly işler barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Şu gün 10-njy oktýabrda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň çäklerinde ylmy maslahat geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem