Habarlaşmak
28.10.2025
Türkmenistan bilen Russiýa häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirdiler
28.10.2025
Türkmenistan bilen Russiýa häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirdiler

Moskwa şäherinde 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki döwletiň degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, rus tarapyna Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Dmitriý Lýubinskiý ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda häzirki zaman ählumumy we sebitleýin howplar, şol sanda Owganystandaky we Merkezi Aziýadaky ýagdaýlar babatyndaky garaýyşlar alşyldy.

Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar köptaraplaýyn düzümleriň çäklerindäki howpsuzlyk we täze wehimlere we howplara garşy göreşmek babatyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar.

Öňdebaryjy tejribäni umumylaşdyrmagyň we seljermegiň, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň maglumat howpsuzlygy babatynda ygtyýarly edaralarynyň mümkinçiliklerini artdyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem