Habarlaşmak
27.11.2025
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistany 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etjekdigi bilen gutlady
27.11.2025
Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistany 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etjekdigi bilen gutlady

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy formatyna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly iberen mähirli gutlag haty we hoşniýetli sözleri üçin hormatly Gahryman-Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny bildirdi.

“Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bu çözgüdiň kabul edilmegine doganlyk Türkmenistanyň beren goldawy üçin örän hoşaldyryn. Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk ruhuny ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Siziň Azerbaýjanyň uly syýasy abraýa, ykdysady kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde konsultatiw duşuşyk formatyna goşulmagynyň Merkezi Aziýa sebitiniň dünýä giňişligindäki ornunyň artmagyna itergi berjek taryhy wakadygy baradaky garaýşyňyza ýokary baha berýärin”, - diýip dostlukly ýurduň Prezidenti belledi.

“Pursatdan peýdalanyp, 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk etjekdigi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn, ýurduňyza we halkyňyza rowaçlyklary arzuw edýärin. Geljek ýyl Türkmenistanda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Çakylygyňyzy uly höwes bilen kabul edýändigimi beýan edýärin. Doganlyk Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky, umuman, tutuş sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine, onuň täze gözýetimlerini açjakdygyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn”, - diýip Azerbaýjanyň baştutany aýtdy.

Ilham Aliýew hormatly Gahryman-Arkadagymyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Şeýle hem