Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 44 million dollaryndan gowrak bolan jemi 137 geleşik hasaba alyndy.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleriniň ― uçar kerosininiň, suwuklandyrylan gazyň, suw bilen arassalanan dizel ýangyjynyň, polipropileniň, esas ýagynyň we mazudyň uly toplumy daşary ýurt puluna Özbegistanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.
Dollar serişdeleriniň hasabyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gonkongyň we Owganystanyň işewürlerine Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän wakuum gazoýly we mazut, «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümi bolan suwuklandyrylan gaz ýerlenildi.
Milli manat serişdeleriniň hasabyna türkmen telekeçileri nebit bitumyny, ýokary dyzyklykly polietileni, esas ýagyny we arassalanmadyk parafini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 117 million manada deň boldy.