Habarlaşmak
18.07.2025
Türkmenistan bilen Azerbaýjan hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrar
17.07.2025
Türkmenistan bilen Azerbaýjan hökümetara gatnaşyklary pugtalandyrar

Baku şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň agzalary bilen tanyşdy, soňra bolsa türkmen wekiliýetiniň agzalaryny tanatdy.

Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalaryna parlamentiň işi barada gürrüň berdi we myhmanlary Milli Mejlisiň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygynyň iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilen resmi duşuşygynyň dowamynda Sahiba Gafarowa bu duşuşygyň döwletara, şol sanda parlamentler derejesindäki gatnaşyklary berkitjekdigine ynam bildirdi.

Sahiba Gafarowa 2022-nji ýylda Türkmenistana bolan resmi saparyny ýakymly duýgular mähir bilen ýatlaýandygyny belläp, mümkinçilikden peýdalanyp, özüniň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Ol Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty bilen halkara giňişlikde uly abraýa eýedigini we Azerbaýjanyň doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklary ýokary baha berýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen wekiliýetiniň adyndan myhmansöýerlik we mähirli garşylanandyklary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Sahiba Gafarowa bilen 2022-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen duşuşygy mähir bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki duşuşygyň türkmen-azerbaýjan doganlyk gatnaşyklarynyň, şol sanda parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bu gatnaşyklar iki ýurduň parlamentleriniň arasynda gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda amala aşyrylýar.

Milli Lider iki ýurduň Mejlisleriniň düzüminde döredilen dostluk toparlarynyň parlamentara gepleşikleriň ösdürilmegine hyzmat edýändigini nygtap, olaryň ýygy-ýygydan duşuşyklarynyň geçirilmeginiň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlament wekilleriniň bilelikde bu maksatlara ýetmäge, häzirki döwürde ählumumy gün tertibinde duran meseleleriň üstünde işlemäge uly goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň parlament wekillerine türkmen kärdeşleri bilen bilelikde parlamentara gepleşikler, gender deňligi, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň algoritmini işläp düzmegi teklip etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda medeni, ylmy hem-de bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň giň mümkinçiliklere eýedigini belläp, parlamentleriň howandarlygynda ýaşlar ylmy we bilim forumlaryny guramagy teklip etdi.

Doganlyk ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň teklipleriniň möhümdigini belläp, Azerbaýjan parlamentiniň mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşyk tamamlanandan soň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowanyň we iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň aramgähinde ýerleşýän Hormatly mazarlyga baryp, görnükli syýasy hem-de döwlet işgäriniň ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Türkmenistanyň Gahryman-Arkadagy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň käbesiniň guburuna hem gül desselerini goýdy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Ýeňiş» Ýadygärlikler toplumyna baryp, Watan ugrunda janyny beren Azerbaýjanyň milli gahrymanlarynyň hormatyna bina edilen ýadygärlige gül desselerini goýdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem